2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Pekinde “Ýüpek ýoly” atly Türkmenistanyň ilkinji wiza hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkezi döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürüjiler bolup Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we Hytaýyň “Beijing Sungxiong Foreign Service сompany” atly öňdebaryjy konsalting kompaniýasy çykyş etdiler.
Merkeziň açylyş dabarasyna Hytaýyň döwlet we iri hususy syýahatçylyk düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Pekinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
“Beijing Sungxiong Foreign Service сompany” kompaniýasynyň prezidenti Ýu.Sýandun özüniň çykyşynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň potensialyna we mümkinçiliklerine uly baha berdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň wiza hyzmat ediş merkeziniň wiza ýagdaýyny ýeňilleşdirmekde we kämilleşdirmekde wajyp rol oýnajakdygyna hem-de Türkmenistana baryp görmek isleýän hytaýly syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilen tejribeli ädim boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.
Dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisi Ç.Rustamowa Pekinde “Ýüpek ýoly” atly Türkmenistanyň ilkinji wiza hyzmat ediş merkeziniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylda açylmagynyň wajyp wakadygyny belledi.
Türkmenistanyň “Ýüpek ýoly” wiza hyzmat ediş merkezi hytaý kompaniýalaryna we syýahatçylaryna Türkmenistana gitmek üçin wizany almakda zerur bolan resminamalar toplumyny dessin ýagdaýda, ýalňyşsyz taýýarlamakda ulgamlaýyn maslahat beriş hyzmatlaryny berer. Merkeziň işine syýahatçylyk işinde köpýyllyk tejribesi bolan Hytaýyň “Sungxiong Foreign Service сompany” öňdebaryjy konsalting kompaniýasy ýolbaşçylyk eder.
Türkmenistanyň wiza hyzmat ediş merkezi hytaý paýtagtynyň merkezindäki abraýly “Sanlitun” etrabynda ýerleşýär. Bu merkeziň adamlaryň ýüz tutmalary esasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary barada gyzyklandyrýan ähli maglumatlar bilen tanyşdyryp biljek taýýarlykly işgärleri bar.
Wizany resmileşdirmekde gerek bolan resminalamalaryň üstünde işlemek prosessini taýýarlamakda anyk we sazlaşykly işi üpjün etmek üçin bu merkez iň döwrebap enjamlar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Merkeziň hyzmatlarynyň düzümine şeýle-de SMS-habarlary, resminamalary kserokopiýa (nusga) etmek, ätiýaçlandyryş polisiň on-laýn ýagdaýda resmileşdirilmegi, mobil biometriýasy we çaparçylyk hyzmatlary girýär.