2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ÖM-nyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly» atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.
Çärä gatnaşyjylar üçin TOPH taslamasy boýunça surat sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti, Türkmenistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň Hemişelik wekilleri, Pakistanyň Hemişelik wekiliniň orunbasary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýe.Panowa, «TAPI Pipeline Çompany Limited» Baş direktory M.Amanow, ÝB-niň, BMG-niň ÖM-niň wekilleri, BMG-nň ýanyndaky agza-ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Ilçi A.Ataýewa Türkmenistanyň bu gaz geçirijini Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirjek täze energetika Beýik Ýüpek ýoly hökmünde garaýandygyny nygtady. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi gatnaşyjy ýurtlara dürli mümkinçilikleri döreder. Ilkinji we iň esasy bähbit oňyn ykdysady artykmaçlyklary bolup durýar – diýip belledi.
M.Amanow öz çykyşynda ýurtlaryň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary üçin bu taslamanyň mümkinçiligi barada giňişleýin maglumat berdi. TOPH-ň işe girizilmegi energetika üpjünçiligi, täze iş orunlarynyň döredilmegi we sebitiň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam eder,– diýip belledi.
Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleri öz ýurtlarynyň ykdysady ösüşi, halkyň iş üpjünçiligi, infrastruktura ösüşi we netijede Merkezi we Günorta Aziýanyň köptaraplaýyn howpsuzlygy üçin aýratyn ähmiýetini bellediler.
Gatnäşyjylar häzirki döwrüň hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly hökmünde TOPH gaz geçirijisini öňe sürmek babatda Türkmenistanyň işjeň ädimlerini makulladylar.
Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda «TAPI Pipeline Çompany Limited» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan wideo şekilleri görkezildi.