2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri ýurduň ulag ulgamyndaky esasy başlangyçlary barada beýannama bilen çykyş etdiler.
Beýannamada Nýu-Ýorkda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atly Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu rezolýusiýanyň kabul edilmegi dünýä derejesinde Türkmenistanyň ýokary abraýynyň we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň goşandynyň umumy ykrar edilmegine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri babatynda, şeýle hem BMG, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň gatnaşýandygyny bellenip geçildi. Sebit we yklymara möçberde ulag ulgamyny kemala getirmekde önjeýli goşandyny goşmak bilen Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde ägirt uly infrastruktura taslamalaryna badalga berdi.
Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyjylara «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunuň ýüregi» atly şygar astynda 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabry aralygynda Türkmenstanda «Amul-Hazar - 2018» (Turkmen Desert Race) atly halkara awtorallisiniň geçiriljekdigi barada habar berildi. Bu çärä gatnaşyjylara gadymy Beýik Ýüpek ýolundan geçmeklik mümkinçiligi dörär.
«Turkmen Desert Race» halkara awtorallisi diňe sport çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriniň kämilleşdirilmeginde goşýan goşandydygy bellenilip geçildi. Şeýlelikde, bu çäräniň häzirki wagtda geçirilmeginiň ulag syýasaty üçin uly ähmiýeti bardyr. Ulag syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biri we bütindünýä durnukly ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.