2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Manama şäherine geldi. Bahreýniň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa baştutanlyk etdi.
Geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizilipdir. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşiniň barşyny dykgatlyk bilen seljerdiler.
Bahreýn tarapy Türkmenistan bilen aragatnaşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça giňeltmeklige ygrarlydygyny tassyklady. Bitaraplyk statusyna laýyklykda alnyp barylýan ýurduň daşary syýasy işini belläp, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän sebitleýin we halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-nda we onuň ýöriteleşdirilen agentliklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygyny tassykladylar.
Söwda, ylym we tehnika çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplar iki döwletiň ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berjek Türkmen-Bahreýn bilelikdäki hökümetara toparyny döretmekde gyzyklanmalaryny bellediler. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipleriň ençemesini beýan etdiler.
Mundan başga-da türkmen wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşigiň netijesi boýunça şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler geňeşini geçirmek ylalaşyldy.