2016-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň günleriniň dabaraly açylyşy boldy, onuň çäklerinde Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konserti we tatar halkynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi guraldy.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen foruma gatnaşmak üçin Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabada geldi.
Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Aýrat Sibagatulliniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Tatarystanyň Türkmenistandaky günlerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýygnanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Tatarystanyň ýolbaşçysy bu forumy ýokary derejede geçirmekde berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň hoşallyk sözlerini bildirip, ähli halkymyzy ýetip gelýän şanly sene - ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Türkmenistanyň we Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Dabarada myhmanlaryň ýerine ýetirmeginde dünýä we tatar nusgawy saz gymmatlyklaryndan opera ariýalary, romanslar, saz eserleri ýaňlandy. Ähli çykyşlar bilen birlikde wideoşekiller hem görkezildi we olar milli ýörelgeler bilen utgaşdy.
Şeýle hem bu döredijilik duşuşygyň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen we tatar artistleriniň bilelikdäki çykyşlary boldy. Konsertiň jemleýji çykyşynyň meýilnamasy esasynda “Dostluk aýdymy” ýokary derejede we joşgunly ýaňlandy. Türkmen artistleriniň we konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň goşulmagynda ýerine ýetirilen bu aýdym berkleşýän döredijilik bileleşiginiň, doganlyk halklaryň özboluşly dostluk senasyna öwrüldi.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň foýesinde milli tatar çeperçiliginde gazananlaryny görkezýän sergi giňden görkezildi. Onda XIX-XX asyrlaryň senetçilik eserlerini täzeden dikelden häzirki zaman senetçileriň işleri görkezildi. Olaryň hatarynda milli lybaslar, zerli keşdeler, zergärleriň nepis işleri, neçjarlaryň eserleri, derä çekilen şekiller, kalligrafiýa sungaty, saz gurallary bar.
Tatarystanyň günleriniň çäklerinde işewürler maslahaty guralar, şeýle hem Türkmenistanyň ykdasady gazananlarynyň Sergisine myhman bolup gatnaşarlar. Tatar tarapy minstrlikleriň we beýleki döwlet gurluşynyň, şeýle hem dürli ulgamlarda zähmet çekýän kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň işewürler maslahatyna gatnaşmaklaryny göz öňünde tutýar. Duşuşykda bar bolan we uzak möhletli esasda netijeli gatnaşyklaryň meseleleriniň gerimini giňeltmegi ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirilýär.
Tatarystanyň Türkmenistandaky günleriniň çäreleri dowam edýär.