2018-nji 23-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdan daşary mejlisi geçiriler.
Mejlisiň işine Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň agzalary gatnaşar.
Müdiriýetiň mejlisinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň degişli döwür üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat diňlener.
Şeýle hem mejlisde şu aşakdaky resminamalara: Aral deňziniň basseýninde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň Maksatnamanyň (ADBM-4) Konsepsiýasynyň taslamasyna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýolbaşçylygyny nobatdaky döwlete geçirmekligiň yzygiderliliginiň tertibine, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň we onuň guramalarynyň derejesi baradaky Ylalaşygyň Resminamasynyň taslamasyna serediler.