2018-nji 22-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň nobatdaky 74-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýanyň suw hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylary - Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň agzalary, Amyderýa we Syrderýa basseýnleri boýunça 2018-nji ýylyň ösüş döwri üçin alynýan suw paýlarynyň, derýalaryň ugrundaky suw howdanlarynyň akymynyň hereketiniň durmuşa geçirilişi hem-de Aral deňziniň basseýninde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň Maksatnamanyň (ADBM-4) taýýarlanylyşynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Meýilnamanyň esasy maksatlary-deňziň basseýni sebitinde ýaşaýan adamlaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak, ekologiýa we sosial-ykdysady meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, suw gorlaryndan rejeli peýdalanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bolup durýar.
Maslahatyň çäginde Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň «Smart Waters Project» taslamasynyň durmuşa geçirilişi we onuň netijeleri boýunça elektron görnüşli tanyşdyryşy geçirildi.