2018-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda şu ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenbaşy ş. geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijelerine bagyşlanyp maslahat geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, alymlar we syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady – Türkmenistanyň AHHG-de başlyklyk etmeginiň çäginde amala aşyrylan işler bilen tanyşdyrmak boldy.
Mejlisiň dowamynda çykyş edenler sebitde ekologiýa, suw hojalygy we sosial-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde Aral deňziniň meseleleriniň çözülmeginiň wajyp ähmiýetini nygtadylar. Ekologiýa durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasy we BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýasy babatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň yzygiderli tagllalary hakynda aýdyp, gatnaşyjylar “Birleşen Milletler Guramasynyň bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň we Aral deňziniň basseýninde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň Maksatnamanyň (ADBM-4) ähmiýetini bellediler.
AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň oňyn netijeleri barada aýdyp, mejlise gatnaşyjylar Aral deňziniň basseýninde ýaşaýan adamlaryň durmuşyny gowulandyrmakda we suw diplomatiýasy çygrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde Bilelikdäki Beýannamanyň wajypdygyny bellediler.