2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingde gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Içeri işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriň ýolbaşçylary, şeýle hem “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory çykyş etdiler.
Gatnaşyjylara “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlişi, geçirilen saýlama tapgyry we öňde boljak ralli-reýdiň diňe ajaýyp sport wakasy däl-de, eýsem Türkmenistanyň halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de multimodal ugurlaryny döretmek babatda işjeň syýasatyna ygrarlylygynyň nyşany bolup durýandygy aýratyn gürrüň berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýaryşy geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi we bu çäräniň guramaçylyk meselelerinden başlap, amaly taýdan durmuşa geçirilmegine hut özüniň baştutanlygynda ýerine ýetirilmegi bu uly göwrümli awtosport taslamasynyň aýratyn derejesini görkezýär. Şeýle hem geçiriljek awtoralliniň şöhlelendirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny barada bellenildi.
Awtorallide köp sanly Dakar, Africa Eco Race we Ýüpek ýoly ýaly awtorallilaryň ýeňijileriniň we dünýä awtoralli sportynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri we diplomatlar brifingdäki çykyşlardan “Amul–Hazar 2018” halkara rallisi boýunça jikme-jik maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem sorag jogap alyşmaga mümkinçilik döredildi.