2018-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Ahmed Al Jerman ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy geljekde giňeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalary aýdyp, wekiliýetleriň ýolbaşçylary häzirki döwürdäki gatnaşyklaryň ösýän ugurlaryny geljekde hem giňeltmekligi bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň zerurlylygyny nygtadylar.
Ikitaraplaýyn resminalary durmuşa geçirmegiň meselelerine garamagyň dowamynda, taraplar gatnaşyklary täze derejä çykarmak we gyzyklanma bildirýän çygyrlary hukuk esasda berkitmek maksady bilen BAE-niň ýokary derejeli wekiliniň Türkmenistana saparyny gurnamakda gyzyklanmalaryny aýtdylar.
BAE-niň wekiliýet ýolbaşçysy özarabähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ösüşini hoşallyk bilen belledi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebit-gaz, oba-hojalyk ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi.