icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 sentýabr 2018

1748

Berlinde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi

2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Berlin şäherinde Türkmenistanyň GFR-däki Ilçihanasy Berliniň Taryhy döwürden öňki we irki taryhy muzeýi bilen bilelikde 2018-nji ýylyň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmeginiň çäginde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi.

Çärä GFR-iň Federal Kansleriniň diwanynyň, Federal Daşary işler ministrliginiň, Federal ykdysady we energetika ministrliginiň wekilleri, GFR-de akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Germaniýanyň bilim, ylym we medeniýet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem GFR-däki türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede Berliniň Taryhy döwürden öňki we irki taryhy muzeýiniň direktory M.Wemhoff çykyş edip, bürünç döwrüniň şalygy – Margiana barada, bu arheologik toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri, patyşalygyň halkynyň durmuş ýagdaýy, şeýle hem Marguşyň goňşy döwletler we başga sebitleriň ýurtlary bilen gatnaşyklary barada aýtdy.

Ýygnananlara gutlag sözleri bilen Türkmenistanyň GFR-däki Ilçisi T.Ataýew ýüzlendi. Bu çykyşda gadymy Marguşyň bürünç döwrüniň 4000 ýyl mundan ozal ýokary derejede ösen medeniýetiniň sallançagy bolandygy we Mesopotamiýa we Müsür ýaly siwilizasiýalary bilen bilelikde ýaşandygyny, Günorta Türkmenistanda ýerleşip, Gadymy dünýäniň ýurtlary bilen syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary saklandygy barada aýtdy.

Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde we hereket etmeginde türkmen halkynyň ähmiýeti, şeýle hem döwletimiz tarapyndan iri sebitara ulag we energetika taslamalary durmuşa geçirmek ýollary bilen Beýik Ýüpek ýoluny dikeldiş işlerinde häzirki döwür Türkmenistanyň goşandy aýratyn bellenip geçildi.

Gutlag sözleri aýdylandan soňra myhmanlar üçin sergide ýöriteleşdirilen ekskursiýalar gurnaldy hem-de degişli çärä bagyşlanan kabul edilşik geçirildi.

Ýurdumyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän ýylynda bu sergi köp sanly daşary ýurtlardan gelýän adamlar üçin ýurdumyzyň baý taryhy we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Az wagtyň dowamynda geçirilýän sergini görmäge baran daşary ýurtly adamlaryň 270 müňe golaýynyň işjeň gyzyklanmalary bu görnetin sanlarda görünýär.

Sergi Berlinde 7-nji oktýabra çenli dowam eder we soňra Gamburg şäherine geçer. Şu ýylyň noýabr aýyndan başlap, serginiň ekspozisiýalary bilen Gamburgyň Arheologiki muzeýinde, soňra 2019-njy ýylyň mart aýyndan iýun aýyna çenli – Mangeým şäheriniň Raýs–Engelhorn muzeýler toplumynda tanyşyp bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi