2018-nji ýylyň 5–6-njy sentýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde “Türkmenistan-Beyik Ýüpek ýolunyň yüregi” atly maýa goýum we hyzmatdaşlyk maslahaty geçdi.
Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi babatynda wideo şekiller görkezildi, şeýle hem ykdyadyýet, daşary söwda, ulag, tebigy magdanlary gazyp almak we gaýtadan işlemek, hususy eýeçilik, salgyt salmak, senagat, agro-senagat, oba hojalyk, bank ulgamy, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylygyň ösmegi, hiliň gurluşy, harytlaryň talabalaýyklylygyna baha bermek ýaly temalar boýunça dürli çykyşlar diňlenildi. Bu forumyň çäklerinde bolsa, Türkmenistanyň Ýewropa ýutrlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine badalga berjek dürli resminamalara gol çekildi.
Forumyň çäklerinde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine bagyşlanan sergi gurnaldy. Sergide Ýewropa ýurtlaryndaky hyzmatdaşlar Türkmenistanda öndürilýän dürli görnüşli harytlar we önümler bilen tanyşdylar. Agzalan sergide görkezilen harytlaryň we önümleriň Türkmenistanyň çägindäki çig mallardan öndürilýändigini hem-de olaryň ekologiki taýdan arassadygyny bellemek gerek.
Gatnaşyjylar çäräniň möhümdigini belläp geçip, onuň iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara goşant goşmaga mümkinçilik berýändigini nygtap geçdiler.