2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenabat şäherinde Žan-Lui Şlesseriň, «Amul-Hazar 2018» bäsleşiginiň direktory Rene Metsiň we rallä gatnaşýan meşhur türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Mundan öň ekipažlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitapçasyny paýladylar. Brifinge 25 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Žan-Lui Şlesser brifingi açmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ralliniň guramaçylyk işlerine beren aýratyn ünsi we goldawy, awtospotyň geljekde ösdürilmegi üçin uly halkara ähmiýetine täsirini ýetirýän bu taslamanyň çärelerine gatnaşmagy üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Onuň belleýşi ýaly, Türkmenistanda geçirilýän ralli dünýä jemgyýetçiligine bu ajaýyp ýurdy ýakyndan tanamaga, onuň baý mirasyny açmaga, taryhy-medeni ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri bilen tanyşmaga, şeýle hem bu ýerde gazanylan ekologiýa meseleleri çözmek boýunça netijeli tejribesi barada maglumat almaga mümkinçilik berer.
Brifingiň dowamynda trassanyň dowamynda GPS ulgamyny ulanmak boýunça düşündirişler, beýleki maslahatlar berildi, kadalar we beýleki anyklamalar barada habar berildi. Meselem, j-p Şlesseriň belleýşi ýaly, bir ekipaž ýolda kyn ýagdaýa düşün beýleki ekipaža ýardam etse, bu iş üçin ýititrilen wagt pellehanada hasaba alynar. Şunuň ýaly ýaryşda bolýan bäsdeşlik özara goldawy we ýardamy aradan aýyrmaly däldir. «Amul-Hazar 2018» rallisi bu meselede görelde bolmalydyr. Çäräniň dowamynda bäsleşigiň emin agzalary bilen tanyşdyryldy.