icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 sentýabr 2018

1522

Parahatçylygyň we howpsuzlygyň strategiýasy: terrorçylyga garşy tagallalary birleşdirmek

Türkmenistan BMG-niň işjeň agzalarynyň biri hökmünde dünýä syýasatynyň doly hukukly agzasy bolup adamzada garşy howplara, ilki bilen terrorçylygyň we radikalizmiň dürli görnüşleri bilen göreşmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga özüniň saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gün terrorçylyk bilen göreş BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary tarapyndan bellenilen ýaragsyzlandyrmak we ýaýratmazlyk, ulag we energetika, ekologiýa we beýleki nukdaýnazarlaryň ençemesi, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly global meseleleri bilen birlikde Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde köptaraplaýyn özaragatnaşygynyň gün tertibinde strategiki wajyp orny eýeleýär.

Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek meselesine öz çemeleşmelerini emele getirmekde Türkmenistanyň nukdaýnazary Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geosyýasy manyda bolşy ýaly, onuň anyk jähtlerini özarabaglanşygy nukdaýnazaryndan bu düşünjäniň bütewiligi we bölünmezligi düýpli konsepsiýasyna esaslanýar.

Şeýle-de syýasy ýa-da harby howpsuzlyk ykdysady, energetika, azyk howpsuzlygy üpjün etmezden, ekologik, tehnogen häsiýete eýe bolan howplaryň we töwekgelçilikleriň bitaraplaşdyrylmagyny duýdurmazdan, halkara terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyklara garşy, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň we başga global wehimlere garşy täsirli hereket edilmedik ýagdaýynda uzakmöhletleýin we doly bolmaz.

Bu ýa-da beýleki ýurtlaryň we sebitleriň ösüşiniň derejesine garaşly bolmazdan terrorçylyk onuň ähli görnüşlerinde adamzat üçin iň gorkuly howp bolup durýar. Parahatçylygyň we howpsuzlygyň şertlerinde ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmek esasy şertleriň biri bolup durýan globalizasiýanyň gidişi güýçlenýän häzirki döwürde, terrorçylyga garşy hereketiň aýratyn ähmiýeti bar. Terrorçylyk hereketler garşylygyň netijeli çärelerini talap edip, tizleşdirilen tehnika-tehnologiki gidişiň, köpçülikleýin aragatnaşyklar serişdeleriniň, maglumatlary ibermegiň görnüşleriniň ösüşiniň şertlerinde hil taýdan täze görnüşleri emele getirýär.

         Türkmenistan milli we halkara derejede parahatçylyga we howpsuzlyga, şol sanda terrorçylyk we radikal ýüze çykmalara garşy göreş üçin ähli zerur çäreleri we hereketleri amala aşyrýar.

         Türkmenistanyň milli kanunçylygy bu ugurda anyk kesgitleme berýär we hukuk esasyny berkidýär. Hususan hem, «Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, beýleki guramalarynyň, wezipeli şahslaryň terrorçylyga garşy hereket etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslary kesgitlenen, şeýle hem terrorçylyga garşy herekete gatnaşmak bilen baglylykda, raýatlaryň hukuk we sosial goragynyň kepilini berkidýär.

Türkmenistanyň kanuny «terrorçylyk – döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýa-da halkara guramalary ýa gaýry şahslar tarapyndan çözgüt çykarylmagyna zorluk etmegiň taglymy we täsir etmegiň usuly; jenaýatçylykly maksatlara ýetmek üçin adamlary girewine almak, otlamak, öldürmek, gynamak, ilaty we häkimiýet edaralaryny gorkuzmak ýa-da bigünä adamlaryň janyna ýa-da saglygyna başga kast etmeleri amala aşyrmak, ýa-da haýsydyr bir jenaýatçylykly hereketleri amala aşyrmak howpuny salmak ýoly bilen bilkastlaýyn zorluk ulanmakdan ybarat jemgyýete howply etmiş» diýip kesgitleýär.

Şu ýerde halkara terrorçylygyna kesgitleme hem berilýär, ýagny «halkara terrorçylygy – kesgitli maksatlara ýetmek üçin bigünä adamlary ogurlamak, ele salmak, öldürmek ýa-da olaryň janyna we saglygyna howp salmak, möhüm desgalary, ýaşaýyş üpjünçilik, kommunikasiýa ulgamlaryny ýok etmek ýa-da weýran etmek howpuny salmak bilen baglanyşykly terrorçylykly toparlar ýa-da guramalar tarapyndan dünýä we sebit derejesinde, şol sanda aýry-aýry döwletleriň döwlet edaralary tarapyndan goldanylmagy bilen amala aşyrylýan jemgyýetçilik howply zorlukly etmişler».

Diňe halkara düzümleri bilen ysnyşykly özaragatnaşyklar esasynda döwletleriň bilelikdäki tagallalary bilen terrorçylygyň howpuna üstünlikli garşy durup bolýandygy aýdyň. Şu jähtden Türkmenistan başga döwletler, şeýle hem abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ysnyşykly özaragatnaşygy alyp barýar.

Türkmenistan terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy we beýleki howplara garşy göreşde öz işini Birleşen Milletler Guramasy bilen utgaşdyrýar. Türkmenistanyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşygy uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup, ahyrky netijä meňzeş ýörelgeleri we garaýyşlary esasynda ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şunlukda terrorçylyga garşy hereket etmegiň netijeli halkara mehanizmlerini döretmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldamak bilen Türkmenistan BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny dolygyna durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Bularyň ählisi Türkmenistan BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi ýaly halkara düzüm birlikleri, şeýle hem goňşy döwletler bilen netijeli we serişdeleýin hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistan öz tejribesinde BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge, şeýle hem dünýäniň ol ýa-da başga bir sebitiniň taryhy, sosial, ykdysady we medeni aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen bu işe sebitleýin baglanşyk bermäge berk ygrarlydygyny görkezýär.

Bu babatda sebit derejesinde ýokary derejeli gepleşigiň amala aşyrylmagy terrorçylyga garşy göreşmekde zerur bolan birek-biregiň üstüni dolýan we utgaşdyrylan strategiki çemeleşmäni kabul etmek işinde Merkezi Aziýa döwletlerine sebitleýin derejede syýasy itergi berýär. Sebit ýurtlarynyň tagallalary birleşdirmek we sebitiň ýurtlarynyň ylalaşylan çemeleşmelerini işläp taýýarlamak hem-de bu wajyp meseläni çözmek üçin onuň netijeleriniň görnüşlerini agtarmaga we tapmaga ýardam edýär.

 “BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň orny” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, garaşsyz bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyksöýüji syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolýar.

BMG-niň bu ugurdaky işiniň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen terrorçylyga garşy merkeziniň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn topary (TGÇMT) döredildi. Edarasy BMG-niň ulgamynyň 36 guramasyna, Bütindünýä gümrük guramasyna we Interpol ýaýraýan TGÇMT agzalygy sazlaýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Ýörite toparyň çäklerinde 2011-nji ýylda döredilen Terrorçylyga garşy merkez agza döwletlere bu strategiýany durmuşa geçirmekde mümkinçilikleri artdyrmaga goldaw berýär.

Bu taslama Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy merkeziniň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn toparyň edarasy tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Aşgabatdaky Sebit merkezi bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) hem-de Norwegiýanyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär. BMG-niň terrorçylyga garşy merkeziniň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn topary we Ýewropa bileleşigi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky sebitleýin merkezi BMG-niň ýokarda agzalan strategiýasyny Merkezi Aziýada ulanmak boýunça taslamasyny durmuşa geçirdi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň TGÇMT, ÝB we BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan 2011-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabatda ýokary derejeli duşuşygynda Jemleýji Aşgabat Beýannamasy we BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Meýilnamasy makullandy. Bu Hereketleriň Meýilnamasy şu görnüşde dünýäde ilkinji resminama boldy. Soňky ýyllaryň dowamynda bu Meýilnama tarapyndan göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça taslamalar iş ýüzüne geçirildi. 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we BMG-niň arasynda gepleşikleriň çäklerinde ýokary derejeli duşuşygy “BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşik”  taslamasynyň ikinji tapgyrynyň jemleýji çäresi boldy. Duşuşygyň esasy maksady durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça meseleler, olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak gepleşikleriň esasy maksady boldy.

Mejlisiň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guttereş, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Täjigistandan we Özbegistandan gelen ministrler, ýokary wezipeli adamlar, terrorçylyga garşy agentlikleriň we milli howpsuzlyk edaralarynyň, düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny Sebit derejesinde durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine ara alnyp maslahatlaşdylar.

Geçirilen duşuşygyň netijesinde terrorçylyk bilen göreşmek boýunça sebitara hyzmatdaşlygyny berkitmek baradaky Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş Merkezi Aziýa döwletleriniň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky Aşgabat Jarnamasyny şeýle hem, BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny we Merkezi Aziýa üçin hereketleriň bilelikdäki Meýilnamasyny durmuşa geçirmeginde şertlerini goldady. Jarnama Baş sekretaryň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça täze müdirligi döretmek ýoly bilen BMG-niň kontrterrorçylyk düzüminde özgertmeler geçirmek baradaky başlangyçlaryny goldap we Milletler Guramasynyň sebitde terrorçylyga garşy göreşiň güýçlendirilmeginiň wajypdygyny ykrar etdi.

2018-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrlarynda Aşgabatda “Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda” temasyna bagyşlanyp ýokary derejede maslahat geçirildi şeýle hem, Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyna goldaw bermek baradaky bilelikdäki taslamasynyň 3-nji tapgyryna badalga berildi. Birinji we ikinji tapgyrlar 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda kabul edilen Hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasy (HBM) taýýarlamak boýunça Ählumumy strategiýasynyň esasy 4 ugurlarynyň görkezmelerini düzmekligine bagyşlanyp 2010-2017-nji ýyllarda amala aşyryldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow maslahatda çykyş edip, taslamanyň esasy çäreleri terrorçylyga garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça milli hem-de sebitleýin strategiýalaryny işläp düzmegini, Merkezi Aziýa üçin HBM-da kesgitlenen ähmiýetli ugurlarda Merkezi Aziýa döwletleriň mundan beýläk kuwwatynyň güýçlendirilmegini şeýle hem, sebitde we onuň daşyndaky öňde baryjy tejribeler bilen paýlaşmakda ýardam bermegini  öz içine aljakdygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedow duşuşykda çykyş edip, mundan beýläk Türkmenistanyň BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek merkezi bilen BMG-niň terrorçylyga garşy strategiýasynyň Aşgabat hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşygy teklip etmäge taýýardygyny belledi. Şunuň bilen birlikde türkmen tarapy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkezini ulanyp, görkezilen ugurda anyk teklipler bilen çykyş etdi.

Forumyň ahyrynda “Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň ýolunda” atly ýokary derejede geçirilen maslahatyň netijeleri boýunça Beýannama kabul edildi. Geljekde “Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň ýolunda” atly BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi we BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek merkezi bilen bilelikdäki sebitleýin terrorçylyga garşy göreşmek boýunça başlangyçlarynyň täze tapgyrynyň Merkezi Aziýa döwletleriň terrorçylyga garşy  göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça ulgamlarynda strategik esasynda kuwwatynyň güýçlendirilmeginiň gönükdirilmegine garaşylýar.

Wajyp we ýiti meseleleriň biri terrorçylygy maliýeleşdirme çeşmelerini ýok etmek bolup, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna aýratyn üns çekilmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, şol sanda hukuk-kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmeginde we guramaçylyk esasynda Türkmenistanda bu ugurda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan goňşy döwletler bilen şeýle hem, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, birinjiden Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen ysnyşykly, netijeli hem-de maksada gönükdirilen özara gatnaşyklaryny alyp barýar. Neşekeşlik we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça anyk netijeleri görkezýän uzak möhletli milli maksatnamalar kabul edildi we durmuşa geçirilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan parahatçylyga gönükdirilen wehimlere we howplara garşy göreşmekde halkara tagallalaryny utgaşdyrmak işine öz mynasyp goşandyny goşup, öz tejribesinde daşary syýasatyny amal edýär.

 

 

Türkmenistanyň DIM-ň Halkara habarlary departamenti

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi