2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyjylar degişli döwlet edaralarynyň arasynda halkara we edaraara hyzmatdaşlygy geljekde berkitmegi hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli bilermenleri terrorçylygy maliýeleşdirilmeginiň milli howplaryny bahalandyrylmagyny geçirmegiň we degişli kanunçylygy işläp taýýarlamagyň wajyp ähmiýetini belläp, terrorçylygy maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek we daşary ýurt söweşjeň-terrorçylaryň maliýeleşdirilmegi ugrunda öz ýurtlarynyň tejribeleri bilen paýlaşdylar. Olar şeýle hem terrorçylygyň we daşary ýurt söweşjeň-terrorçylaryň maliýeleşdirilmeginiň ýagdaýlaryny ýüze çykarmagyň dowamynda edaraara özaragatnaşyklarynyň öňdebaryjy tejibesi bilen paýlaşdylar we serhetden daşary maliýe akymlaryny ýüze çykarmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellediler.
«ÝHHG agza-döwletleri terrorçylyga garşy göreşmekde ähli derejelerde özarabagly çemeleşmeleri ulanmaga çagyrýar, şeýle hem edaraara we döwletara hyzmatdaşlygyna we degişli halkara hem-de sebitleýin guramalary bilen özaragatnaşyklaryna çagyrýar, - diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd belledi. – Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde sebitleýin hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýetine düşünip, howpsuzlyga bolan wehime garşy göreşmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ýardam bermek maksady bilen biz bu okuw maslahatyny gurnadyk».
Okuw maslahaty Litwadan gelen halkara bilermeniň gatnaşmagynda geçirildi. Ol terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň howplaryny bahalandyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirilmegiň usullaryny ýüze çykarmak we ýollaryny aradan aýyrmak barada aýtdy. Bilermen daşary ýurt söweşjeň-terrorçylaryň terrorçylyk hereketleriniň maliýeleşdirilmeginiň bölünişiniň çyzgylary, şeýle hem serhetden daşary maliýe akymlaryny ýüze çykarmagyk meselesinde öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da, okuwyň çäginde şübhe dörediji işini we daşary ýurt söweşjeň-terrorçylaryň maliýeleşdirilmeginiň çeşmelerini ýüze çykarmagyň analitiki usullaryna degilip geçildi.
Amaly tejribe okuwlarynyň dowamynda gatnaşyjylar toparlara bölünip, maliýe we jenaýat agtaryş toparynyň tagllalary bilen terrorçylygy maliýeleşdirmegiň ýagdaýlarynyň agtarylmagyna degişli mysallary ara alyp maslahatlaşdylar.