2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik enjamlary boýunça prezidenti Tasua Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy kompaniýanyň ýolbaşçysyna 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berlen karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşandygy üçin öz minnetdarlygyny aýtdy we Türkmenistan bilen iri ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ýardam edýän gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we olary geljekde hem giňeltmekdäki mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Hususanda, duşuşyga gatnaşyjylar senagat pudagyndaky we energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi baradaky meselelere seredip geçdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha berip, ýapon kompaniýasynyň prezidenti geljekde hem şeýle uly göwrümli milli taslamalaryň durmuşa geçirilişinde işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýan etdi.