22 sentýabr 2018
3898
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy jenap Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara hyzmatdaşlykda iki ýurduň ähmiýetlerini belläp geçip, Türkmenistanda ýola goýuljak täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Şeýle-de wekiliýet agzalary ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ykdysadyýet, ulag, nebit we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyga bolan uly gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Başga habarlar
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
22
Oct
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
21
Oct
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
21
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
21
Oct
«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
Ähli habarlary görmek