icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 sentýabr 2018

803

PRESS-RELIZ

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurduň ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna laýyklykda Türkmen-amenrikan işewürler geňeşi ölçeginde duşuşyklar gurnalar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde geçiriljek nobatdaky global forumynda boljak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň dowamynda, BMG bilen geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy nukdaý-nazarlary beýan ediler. Hut şonuň üçin hem, Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwrüň esasy meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşmak bilen, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisine global gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmekde köptaraply işinde möhüm basgançak hökmünde garaýar. Türkmenistan geljekde ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlyk üçin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýar. Ýurdumyz terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara ulgamyny berkitmegiň tarapdary bolup durýar. BMG terrorçylyga garşy göreşmek boýunça esasy utgaşdyryjy merkezdir. Türkmenistanyň tagallalary neşelere we olaryň prekursorlara garşy göreşmek meselelerinde özaragatnaşyklary utgaşdyrmakda netijeli gurallary gözläp tapmak bounça bilelikdäki işine gönükdirilendir.

Türkmenistan 2015-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Bütindünýä sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmeklige işjeň gatnaşýar. Hususan hem Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini we ondan gelip çykýan olaryň amaly taýdan durmuşa geçirmek babatda 148 wezipeleri, şeýle hem 194 görkezijilerini resmi taýdan kabul etdi.

         Türkmenistan durnukly ulag, energetika we howanyň üýtgemegi ugrunda anyk başlangyçlary öňe sürýär, şeýle hem halkara guramalaryň gatnaşmagynda sebitiň ähli ýurtlarynyň gyzyklanmalaryny nazara almak bilen halkara hukugyň degişli kadalarynyň esasynda Merkezi Aziýada suw we ekologiýa meselelerine seredilmeginiň we çözülmeginiň tarapdary bolup durýar.

Dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletiň ösüşini däl, eýsem, tutuşlygyna alanyňda, uzak möhletleýin geljegi bolan halkara gatnaşyklary kesgitleýän strategik güýje öwrülýär.

 Hut şonuň üçin hem, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykda Türkmenistan ýaşlaryň bähbitlerini goramak ugrunda Ählumumy hyzmatdaşlygy döretmegiň zerurlygy hakyndaky başlangyjy öňe sürýär.

Ileri tutulýan ugurlary, dürli halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlary we teklipleri yzygiderli durmuşa geçirmek, Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisiniň barşynda guramanyň ähli agza döwletleri, BMG-niň düzümleri, edaralary, agentlikleri we institutlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýurdumyzyň çemeleşmelerini işläp taýýarlamak kesgitleýji ýörelgeler bolar.

Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ysnyşykly halkara gatnaşyklary goldaýar, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent maksatlaryny ykrar etmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň hatyrasyna bilelikde işleşmäge berk taýýardygyny beýan edýär.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi