2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Apostol Nunsiaturasynyň (Watikanyň) Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Pol Fitspatrik Rassel bilen duşuşyk geçirildi.
Watikan döwleti-şäheri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hakynda gürrüň edip, taraplar duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine oňyn baha berdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanarly baha berip, duşuşyga gatnaşyjylar geljekde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle-de Watikanyň Ilçisi Türkmenistanyň oňyn bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny we bu başlangyçlary mundan beýläk hem goldajakdygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki diwersifikasiýasy üçin ýola goýlan dürli derejedäki gepleşikleri dowam etmegiň wajypdygyny belläp geçdiler. Geçirilýän duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Watikanyň arasyndaky ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşine täsir etjekdigine ynam bildirildi.