2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri hem-de döwletimizde işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we daşary ýurtly işewürler, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary bar.
Garaşsyzlyk meýdanynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldiler. Sagat 10.00. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine çykýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri fanfar çalýar. Baýramçylyk harby ýörişden başlanýar. Bu ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat berýär. Goranmak ministri awtoulag bilen dabaraly harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzümleriň öňünden geçip, olary gutlaýar. Şahsy düzümleriň hatarynda harby gullukçylar hem-de ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Milli goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri egin-egne berip durlar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar we şol wagt Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar. Meýdançada nyzama düzülen türkmen harbylary eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar.
Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Esgerler dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny alyp geçýärler.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we goldaw bermegi boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hem-de Içeri işler ministrliginiň goşun bölümlerinde döredilen atçylyk bölümleriniň ýörişi döwlet Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişiň hakyky bezegine öwrüldi.
Soňra döwrebap harby tehnikalaryň gözden geçirilişi başlanýar.
Baýramçylyk ýörişi asmanda dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň Harby howa güýçleri eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmek işinde möhüm orun eýeleýär. Meýdanyň ýokarsyndan Döwlet serhet gullugynyň «AGUSTA-109» we «AGUSTA-139» kysymly dikuçarlary uçup geçýärler. Harby ýöriş Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter — 365» hem-de Içeri işler ministrliginiň « Eurocopter — 145» kysymly dikuçarlary bilen dowam etdirilýär. Soňra «SU-25» kysymly söweşjeň uçarlary baş meýdanymyzyň howa giňişliginde peýda bolýarlar. Harby uçarmanlarymyz ählihalk baýramçylygynda hünär ussatlyklarynyň ýokarydygyny görkezýärler.
Soňra döwlet münberiniň öňünde Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary peýda bolýarlar. Olar Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramçylygyny nyzam emelleri bilen bezeýärler. Münberiň öňünde Hormat garawulynyň şahsy düzümi nyzam ýörişi bilen “27” belginiň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilini emele getirdiler.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň göreldeli harby orkestriniň joşgunly çykyşy baş baýramyň hormatyna guralan harby ýörişiň jemleýji çäresi boldy.
Ine-de, dabaraly sazyň owazy dutaryň sazy bilen utgaşyp gidýär.
Ýurdumyzyň baş meýdanynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri peýda bolýarlar. Hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler öň hatarda barýarlar. Ýöriş mahaly dabarany alypbaryjy döwletimizi ösdürmekde jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyň, raýat hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ägirt uly orny barada gürrüň berýär. Soňra ähli welaýatlaryň wekilleri geçýärler. Olaryň yzysüre barýan awtoulagda mähriban ojagyň, jebisligiň hem-de nesilden-nesle geçirilip gelýän däpleriň nyşany bolan tamdyr ornaşdyrylypdyr.
Ýurdumyzyň baş meýdanyndaky baýramçylyk dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, eziz Watanymyza we beýik Garaşsyzlygymyza bagyşlanan köp öwüşginli aýdym-saz-tans kompozisiýasy bilen jemlenýär. Dabaranyň ahyrynda ýene-de “Öňe, Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen sözler ruhubelentlik bilen ýaňlanýar.
Agşam Garaşsyzlyk güni mynasybetli “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada konsert boldy. Bu ýere paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Konserte estrada ýyldyzlary, ussat we ýaş aýdymçylar, folklor hem-de tans, hor toparlary gatnaşdylar.
Konsert tamamlanandan soň, baýramçylyk feýerwerki atyldy. Agşamky asmanda köp öwüşginli şöhleler peýda bolup, şatlykly baýramçylygyň ýatdan çykmajak täsirlerini galdyrdy.