Baş sahypa / Habarlar
img
29 maý 2026
52

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäreleriniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Mohammad Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň BMG-niň hem-de beýleki halkara platformalarynyň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Pakistana minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar ählumumy we sebit howpsuzlygy meseleleriniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Ýokary derejedäki syýasy dialogyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Iki ýurduň liderleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berýär. Diplomatlar ähli özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça syýasy dialogy we amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň ösdürilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň döredilmegi ýaly sebit taslamalarynyň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Ministrler öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleriň taýýarlygy, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik, medeni we ynsanperwer çäreleri geçirmek başlangyçlary barada pikir alyşdylar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup, iki ýurduň halklarynyň özara düşünişmegini berkitmäge we has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ähli derejelerde işjeň syýasy dialogy dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.