12 awgust 2026
2122
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Gazagystandaky Missiýasynyň ýolbaşçysy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda migrasiýa hereketlerini dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler kesgitlenildi.
Şeýle hem halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda ekologik ýagdaýlaryň hem-de Hazar sebitiniň durnukly ösüş ýörelgeleriniň nazara alynmagynyň möhümdigi bellenildi.
Başga habarlar
09
Oct
Первый Каспийский экологический саммит состоялся в Национальной туристической зоне «Аваза»
09
Oct
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, oňa ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdy
09
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
09
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
09
Oct
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
Ähli habarlary görmek