Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
15 awgust 2026
67

Aşgabatda ilkinji türkmen-bangladeş syýasy geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda  syýasy geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Bangladeş Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Sekretary Ilçi Nazrul Yslam ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça işjeň pikirler alşyldy, iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesine seredildi. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň gerimi giňeltmek babatda ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň maksadalaýykdygyny bellediler.

Diplomatlar iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýetini tassykladylar.  Şunlukda, taraplar daşary işler ministrleriniň özara saparlaryny guramak ugrunda işlemegi ylalaşdylar.  

Abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki özara işjeň hereketleri kanagatlanma bilen nygtadylar.

Hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň ähmiýetini bellemek bilen, taraplar birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seretdiler. Iki döwletiň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we Bangladeşiň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Dakkanyň söwda-senagat palatasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Nebit-gaz pudagy, ulag babatda özara aragatnaşyk, oba hojalygy, dokma senagaty we beýleki ugurdaky hyzmatdaşlyklary agzalyp geçildi.

Medeniýet, bilim we syýahatçylyk babatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Syýasy geňeşmeleriň ahyrynda özara gyzyklanma bildirilýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.