Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurtda geçirilýän çäreleriň aýratyn ähmiýetini nygtady.
Şeýle hem bir gün öň Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň mundan beýläkki durmuş-ykdysady we innowasion-tehnologik ösüşine degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň jogapkärçilikli ornuny aýratyn nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Dabaraly ýagdaýda diplomatlara «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyklaryny bildirip, mundan beýläk-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň bähbidine öz wezipe borçlaryny ak ýürekden we jogapkärçilikli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.