icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 ýanwar 2017

716

«TÜRKMENISTAN – OWGANYSTAN – PAKISTAN – HINDISTAN» GAZ GEÇIRIJISI: HALKARA BÄHBITLI TASLAMA

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Biziň ýurdumyz ösüş strategiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli amala aşyrýar. Netijede, biz soňky ýyllarda öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlarda birnäçe iri turba geçirijileri gurmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik» diýen sözleri ýurdumyzda turba geçirijileri gurmak, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek wezipesine diýseň jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezýär.

 Biziň ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen turba geçirijiler bilen birlikde ýene-de birnäçe iri turba geçirijileriň taslamalary boýunça üstünlikli iş alnyp barylýar. Şolaryň biri-de geçen ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarifiň we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň gatnaşmaklarynda gurluşygyna badalga berlen «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» transmilli gaz geçirijisidir.

Bu gaz geçirijiniň umumy uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre deň bolup, onuň 214 kilometri Türkmenistanyň, 744 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri bolsa, Pakistanyň çäginden geçip, ol Hindistanyň Fazilka atly ilatly nokadyna ýetiriler. Gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gaza deň bolar.

Golaýda Aşgabatda «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky 24-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine taslama gatnaşýan ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Ol gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça geçirilen mejlisiň esasy meseleleriniň biri «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň agzalarynyň maýa goýum şertnamasyny ylalaşmagy bilen baglanyşykly boldy. «Türkmengaz» döwlet konserni TOPH gaz geçirijisini gurmak, maliýeleşdirmek, eýelik etmek we ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk eder.

Ýygnananlar bu taslamanyň dünýäde energiýa serişdelerini uly möçberde iberijileriň biri bolan Türkmenistany Günorta Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrjakdygyny bellediler. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamany çalt durmuşa geçirmäge hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, beýleki birnäçe meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar we täze gaz geçirijini 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermekligiň göz öňünde tutulýandygyny bellediler.

Bu ýerde «Galkynysh pipeline company», «Türkmengaz» döwlet konserni, «Afghan gas enterprise», «Inter state gas systems limited», «Gail (India) Limited», «TAPI Pipeline Company limited» kompaniýalaryň arasynda maýa goýum Ylalaşygyna gol çekildi. Bu Ylalaşyk taslamanyň ilerlemegi üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Mundan başga-da, mejlisde nobatdaky duşuşyklaryň tertibi ylalaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Biziň ýurdumyz bolsa, ählumumy energetika strategiýasynyň ähli meseleleri boýunça aç-açanlyga eýerip, bu ugurdaky borçlaryna ygrarly ýurtdugyny ençeme gezek subut etdi.

Halkara energetika giňişliginde ýakyn ýyllarda öz mynasyp ornuny eýelejek bu gaz geçirijisi diňe bir ykdysady taýdan  däl, syýasy taýdan hem bähbitleriň utgaşýan ýeridir. Şonuň üçin taslama gatnaşýan ýurtlar tarapyndan bu taslama aýratyn uly gyzyklanma bildirilmegi öz-özünden düşnüklidir.

Bu transmilli gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň işlerini «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleri amala aşyrýarlar. Bu konsernler ýurdumyzyň çäginde gurlup, golaýda ulanylmaga berlen «Gündogar – Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygyny üstünlikli amala aşyryp, bu ugurda tejribe toplan konsernlerdir. Şu günler olar öz toplan tejribelerini ulanyp, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde üstünlikli iş alyp barýarlar. «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň ýerli bölümleri tarapyndan gaz geçirijisiniň ugry boýunça ini 59 metrlik ýeri arassalap, tekizläp taýýarlamak, gurluşykda ulanyljak 1420 millimetr göwrümli turbalary daşamak, olary awtomatik usulda kebşirlemek işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Gurluşyk işlerinde dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň öndüren döwrebap tehnikalary işledilýär, häzirki zaman ösen tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa edilýän işleriň tiz hem ýokary hilli bitirilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň ägirt uly «Galkynyş» gaz käni bu gaz geçirijini arassalanan tebigy gaz bilen üpjün eder. Geçen ýylyň dekabr aýynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň III tapgyrynyň işlerine badalga berilmegi bolsa, «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň arassa harytlyk gaz bilen doly derejede üpjün edilmeginiň girewidir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi