Türkmenistanyň hökümeti we Energerika Hartiýasynyň Sekretariaty 2015-nji ýylyň 22-nji aprelinde Brýusselde, Belgiýa energoserişdeleriniň ygtybarly we durnukly daşalmagynyň meseleleri boýunça bilermenleriň Halkara duşuşygyny bilelikde guraýarlar. Duşuşyk “Täze üstaşyr infrastrukturalara maýa goýumlaryny çekmek” temasyna bagyşlanar. Duşuşygyň maksady energogöterijileriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagynyň ygtybarlylygyny saklamak we üpjün etjek täze halkara-hukuk guralynyň döredilmeginiň meselesi boýunça bilermenleriň arasyndaky syýasy ara alyp maslahatlaşmalara ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Has takygy, duşuşuk serhetýaka/üstaşyr infrastrukturalary ulgamyndaky iri işjeň taslamalara maýa goýumlaryny çekmek guralynyň meseleleri boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik döreder.
Bu duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67/263 belgili “Energogejirijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde olaryň ähmiýeti” atly rezolýusiýasyna laýyklykda 2014-nji ýylyň 10-11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan bilermenleriň ilkinji duşuşygynyň barşynda başlanan işleri dowam etdirer. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu rezolýusiýa turbageçirijileri we beýleki ulag ulgamlary boýunça energogöterijileriniň halkara bazarlaryna ygtybarly daşalmagyna ýardam etmeklik üçin giň halkara hyzmatdaşlygynyň zerurlygyny belläp geçýär.
22-nji aprelde duşuşyk Energerika Hartiýasynyň Sekretariatynda geçiriler we Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogara, Afrika we Latyn Amerikasyna wekilçilik edýän hökümetlerden, halkara guramalaryndan, kompaniýalardan we akademiki toparlaryndan bolan 60-dan gowrak bilermenlere energogöterijileriniň ygtybarly we durnukly daşalmagyny gazanmagyň gurallaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.