icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 dekabr 2014

415

Energetika ulgamyndaky halkara bilermenler toparynyň mejlisi

2014-nji ýylyň 10-11-nji dekabrynda Aşgabatda global energetiki giňişliginde işleri alyp barmagyň umumy ýörelgelerine eýerilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen täze halkara-hukuk resminamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy boýunça halkara bilermenler toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi.

Bilermenler toparynyň duşuşygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan teklip edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2013-nji ýylyň 17-nji maýyndaky «Energiýa göterijileriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň ähmiýeti» atly Rezolýusiýasyny ýerine ýetirmek ugrunda geçirildi. Halkara duşuşygynyň işine BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň hünärmenleri, halkara guramalarynyň we agentlikleriniň, daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň global energiýa howpsuzlygy ulgamynda täze çemeleşmeleriň işlenilip taýýarlanylmagynyň derwaýyslygyna degişlilikde maksatnamalaýyn çykyş eden Energetika Hartiýasynyň geçiren «Energiýa göterijileriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi» atly Aşgabat Maslahatynyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Tematiki mejlisler görnüşinde geçen duşuşyga gatnaşyjylar energetika serişdelerini öndüriji-ýurtlaryň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileri, şeýle-de energetika ulgamyndaky halkara özara hereketleriň hukuk, maýa goýum we iş taraplarynyň zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça halkara bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşyjylar Jarnama kabul etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi