2024-nji ýylyň 16-njy noýabryndan 16-njy dekabry aralygynda Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Şöhlelenme» atly çeperçilik we kitap sergisi geçirilýär.
Sergi «Şöhlelenme» atly Gündogar şygryýetiniň şekillendiriş sungaty bäsleşiginiň esasy çäresi boldy. Bu bäsleşik Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII halkara sungat festiwalynyň bir bölegi bolmak bilen, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň, şeýle-de şekillendiriş sungaty we binagärlik boýunça ÝUNESKO kafedrasynyň howandarlygynda geçirildi.
Festiwalyň guramaçylyk komitetiniň kitaphananyň işgärleri bilen hyzmatdaşlykda guran sergisi Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Sergide Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň gaznasynda saklanylýan Magtymguly Pyragynyň seýrek duş gelýän neşirleri hem görkezilýär.