icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

05 aprel 2025

688

Buharest şäherinde türkmen kino günleri geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýiniň kinoteatr zalynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň guramagynda türkmen kino günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleri görkezildi.

Çärä Rumyniýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy-döredijilik intellegensiýanyň wekilleri, şeýle hem Rumyniýadaky Türkmenistanyň raýatlary we talyplary gatnaşdylar.

Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýiniň Baş direktory Wirjil-Stefan Nitulesku çykyş etdiler.

Ilçi öz çykyşynda türkmen filmleriniň görkezilmeginiň Türkmenistanyň we Rumyniýanyň medeniýetlerini has ýakynlaşdyrmak üçin ýene bir ädim boljakdygyny belledi.

W.Nitulesku öz gezeginde Türkmenistanyň Hökümetine türkmen medeniýeti we kinematografiýasy bilen has ýakyndan tanyşmaga döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi we medeniýetara dialogy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi