Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň 36-njy mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň (SMG) 36-njy mejlisi geçirildi. Çäre gibrid görnüşinde guralyp, ol Pakistan Yslam Respublikasynyň başlyklyk etmeginde 2026-njy ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder.
Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, forumyň işine gatnaşdy.
Duşuşyk «Durnukly YHG üçin sebitleýin galkyndyrmak» şygary astynda geçdi we Gurama agza döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylaryny SMG-nyň 35-nji mejlisiniň kararlarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Iş maksatnamasyny we Çäreleriň senenamasyny tassyklamak üçin ýygnady.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň esasy garaýyşlaryny beýan etdi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda şular bar: ulag-logistika integrasiýasyny çuňlaşdyrmak; energetika dialogyny öňe sürmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek; ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek.
Çykyşda Aziýa we Ýewropa sebitlerini birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Türkmen tarapy, şeýle hem «Gündogar–Günbatar» we «Demirgazyk–Günorta» geçelgelerini has-da ösdürmäge, multimodal düzümleri döretmäge we sebitiň logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge goldaw bildirdi.
Ekologik gün tertibiniň nukdaýnazarynda Türkmenistanyň wekiliýeti energiýa üpjünçiliginiň marşrutlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ygtybarly we durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem döwrebap energiýa netijeli tehnologiýalaryny we «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem çykyşda 2025-nji ýylyň 28-29-njy aprelinde Arkadag şäherinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete, sanly transformasiýa we durnukly ulag ulgamyna bagyşlanyp geçirilen Durnukly ösüş boýunça birinji YHG ministrler forumynyň şowly guralandygy tassyklanyldy.
Türkmenistan 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygyň Strategik maksatlarynyň üstünde alnyp barylýan işleri goldaýandygyny bildirdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz YHG-nyň işine mundan biläni hem işjeň gatnaşmaga, bilelikdäki maksatnamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine netijeli goşant goşmaga, şeýle-de Guramanyň halkara giňişligindäki ornuny we abraýyny berkitmäge taýýardygyny tassyklady.