2017-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistana iş sapary bilen gelen Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretary jenap Urban Rusnak bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplaryň arasynda Türkmenistan bilen Energetika Hartiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada işjeň gepleşikler geçirildi.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we bilermenleriň biri-birinden tejribe alyşmak arkaly Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasyndaky gatnaşyklary jebisleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Energetika Hartiýasynyň 28-nji maslahatyna taýýarlyk meselelerine geçmek bilen, jenap Rusnak Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynda başlyklyk etmegi özara bähbitli hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigini we energiýa howpsuzlygy meselesinde global dialogyň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigini, şeýle hem energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerinde täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň hereketlerini belläp, taraplar bu ugurda özara gatnaşyklary berkitmeklige ygrarlydyklaryny tassykladylar.