icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

17 maý 2023

1003

Ý.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiň rektory bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 15-njy maýynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredowyň Ý.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň rektory T.Abdyrahmanow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen bu uniwersitetiň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, uniwersitetiň rektoryna Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler babatda maglumat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp uniwersitetde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda tegelek stoly, 2024-nji ýylda “Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmek babatda ylalaşyldy.

Mundan başga-da, rektor Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny gyrgyz diline terjime etmek boýunça Ilçihana tarapyndan alnyp barylýan işlere doly goldaw berjekdigini mälim etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi