icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

25 maý 2023

1222

Türkmenistanyň wekiliýeti Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň mejlisine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 21-25-nji maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň (OIE) 90-njy ýyllyk umumy mejlisiniň işine gurama 182 agza ýurtlaryň, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň döwlet weterinariýa gullugynyň ýobaşçysy hem-de wekilleri gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda haýwan keselleriniň epizootik ýagdaýy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we dünýädäki ýabany haýwanlary goramaga hem aýratyn üns berilmelidigi bellenildi. Guramanyň Baş direktory Monik Elua, bu guramanyň we FAO-nyň ýolbaşçy wekilleri Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň 7-nji Umumy meýilnamasynyň ýerine ýetirlişi baradaky hasabatlary bilen çykyş etdiler.

Mundan başga-da, umumy mejlisde administratiw we tehniki kararnamalar kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi