02 iýun 2023
5419
Söwda-ykdysady ugrunda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetirji direktory we baş dolandyryjysy H.Urata bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen NEXI agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, taraplar ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalara NEXI ätiýaçlandyryş agentliginiň gatnaşmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, ýapon tarapy NEXI agentliginiň ýolbaşçylarynyň ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň örän netijeli bolandygy barada belledi.
Başga habarlar
17
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
08
Oct
Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
03
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek