icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 iýun 2023

2007

Koreýanyň alymlary nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen gyzyklanýar

2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasybetli «Magtymguly Pyragy we dünýä gymmatlyklary» atly bilelikdäki türkmen-koreý halkara onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň işine Koreýanyň Hanýang uniwersitetiniň, Ýewraziýa syýasat institutynyň, Paý Çaý uniwersitetiniň, Çonnam milli uniwersitetiniň, Seul milli uniwersitetiniň, Inha uniwersitetiniň, Hankuk uniwersitetiniň, Kukmin uniwersitetiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, iki ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda beýik şahyr hökmünde we şol bir wagtda türkmen edebiýatyny dünýä tanadan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligi bilen diňe koreý alymlary däl, eýsem, bütin dünýä gyzyklanýar diýip, Hanýang uniwersitetiniň Aziýa-Ýuwaş umman gözleg merkeziniň direktory Eom Gu Ho aýratyn nygtap geçdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew çykyş etmek bilen, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmakda hoşniýetli wekili bolmak bilen, türkmeniň milli edebiýatyny esaslandyryjysydyr diýip belledi.

Maslahatda çykyş edenler Gündogaryň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy, hususan-da, özünden öňki şahyrlaryň we alymlaryň pikirlerini bir ýere jemläp, oňa täze häsiýet berendigini bellediler. Şeýle-de nusgawy şahyryň goşgular ýygyndysynyň dünýäniň dürli dilleri bilen birlikde, koreý diline terjime edilmegi türkmeniň taryhyny we edebiýatyny öwrenmekde halkara ylmy jemgyýetçiligi üçin uly goldanma bolar diýip, maslahata gatnaşyjylar aýratyn nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi