2016-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran şäheri) Majibur Rahman Buýan bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çarçuwasynda Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini hoşallyk bilen bellediler. Taraplar Türkmenistanyň we Bangladeşiň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem oba hojalyk we dokma senagaty pudaklarynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler. Iki ýurduň arasyndaky energetika hymatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmakda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky maslahatlaşmalary ulgamlaýyn esasda geçirmegiň, şeýle hem hökümetara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.