2016-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik wekilhanasynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň agentlikleriniň wekilhanalarynyň we düzümleýin bölümçeleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Durnukly Ösüş Maksatlary barada ylmy-usulyýet merkezini döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Belli bolşy ýaly, bu ylmy-usulyýet merkezini döretmek baradaky teklip Durnukly ulag boýunça global maslahatynyň çarçuwasynda beýan edildi.
DÖM-niň mümkinçiliklerini ösdürmegiň zerurlygyny belläp, taraplar bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça dürli garaýyşlary we mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapynyň tekliplerini diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bu taslamany durmuşa geçirmekde ýardamlary bermäge taýýarlygyny bildirdiler. Ýurtda DÖM-ny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri dowam etmegiň tarapdary bolup, BMG-niň düzümleriniň wekilleri bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdiler.