Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini ornaşdyrmakda wajyp ädim bolup durýändygyny aňladýar. Şeýle hem maslahat Daşky gurşawyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegindäki wajyp ähmiýetini belleýär.
Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň çarçuwasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary j-p U Hunbo, Halkara energetika agentliginiň Durnuklylyk we tehnologiýalar boýunça direktory j-p Kamel Ben Naser, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän serişdelerini we energetiki netijileliligi boýunça Arap binýadynyň Prezidenti j-p Kamel Asseghairi, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili j-p Peter Burian, BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin wekili, Çili Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Slowakiýa Respublikasynyň, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň, Şwesiýa Patyşalygynyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň, Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şeýle hemTürkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary beýleki döwlet gurluşlarynyň binalarynda 100-engowrak duşuşyklary geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda çygyrlaryň giň sanawy, şeýle hem awtomobil, demirýol, awiasion, deňiz ulaglary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Durnukly ulag sektoryny ösdürmek durnuksyz tejribeleriniň netijesi bolan häzirki zaman meseleleriniň çözülmeginde wajyp ugur bolar.