2016-njy ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri täze bellenen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Sorhilda Meri Wiwia Ebott-Uatt bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda iktaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Şu jähtden Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) işiniň möhümdigi bellenildi we ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ýygjamlatmagyň zerurdygy ylalaşyldy.
Duşuşygyň barşynda hanym Sorhilda Ebott-Uatt öz ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek üçin öz ýurdunyň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili hökmünde tagallalaryny gaýgyrmajakdyny aýtdy.