2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatda “Türkmenistan – ABŞ” Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasy, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we “Türkmenistan – ABŞ” Işewürler geňeşi guradylar.
Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň binasynda geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň aýry-aýry ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, senagat düzümleriniň, bank we ylym ulgamlarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Geňeşiň işine gatnaşmak üçin ABŞ-dan uly wekiliýet geldi. Onuň düzümine işewürligi ösdürmek boýunça amerikanyň döwlet düzümleriniň agzalary, bilermenler we «General Electric», «Microsoft», «John Deere», «Stewart Engineers», «IMS/Ellicot dredges», «Ionrex/Jar Capital» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de işewürler girdiler.
Birinji bölüminiň dowamynda ýangyç-energetika we ulag toplumlarynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Amerikan tarapyndan «General Electric» и «Ionrex/Jar Capital» kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Geňeşiň ikinji bölüminde oba hojalygy pudagynda we azyk senagatynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bölümde türkmen tarapyndan Oba hojalygy we suw serişdeleri ministrliginiň, seýle-de Döwlet azyk senagaty assosiasiýasynyň wekilleri, myhman tarapdan «John Deere», «IMS/Ellicot Dredges» we «CNH» kompaniýalarynyň wekilleri öz tejribelerini beýan etdiler.
Üçünji bölüm bilim, saglygy goraýyş we aragatnaşyk ulgamlaryna bagyşlanypdyr. Bu ýerde saglygy goraýyşy gurnamak, ýokary derejeli hünärmenler taýýarlamak we talyplary alyşmak ýaly meselelere garaldy.
Amerikan işewürleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika we oba hojalygy pudaklarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Bu duşuşyklaryň dowamynda özara peýdaly türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga niýetlenen bilelikdäki ýokary tehnologiýa taslamalaryny amala aşyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.