2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde “Terrorçylygy maliýeleşdirmeklige işjeň garşylyk” atly üç günlük seminar öz işine başlady. Bu seminary BMG-nyň terrorçylyga garşy çäreleri geçirmek boýunça maksatlaýyn topar (CTITF) we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa boýunça sebitleýin Merkezi (UNRCCA) BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) ýardam bermeginde we Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan ýardam bermeginde gurnadylar.
Seminaryň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýry-aýry ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň düzümine girýän Maliýe aňtaw toparlarynyň (MAT) wekilleri, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryndan gözegçiler, terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy göreşýän CTITF-iň düzüm bölekleriniň we sebitleýin hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Maslahatyň esasy maksatlary Maliýe aňtaw toparlarynyň (MAT) wekillerini okatmak we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy göreş meseleleri boýunça olaryň bilimini ýokarlandyrmak, MAT-nyň arasynda sebit we halkara tejribesini alyşmak we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy göreş babatynda bilelikdäki çäreler toplumyny we taslamalary işläp düzmekden ybarat bolup durýar.
Bu seminar CTITF we UNODC tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen gurnalan okuw maslahatlarynyň bäşinjisidir. Birinji seminar 2013-nji ýylyň noýabrynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi we ol dini edaralarynyň ýolbaşçylary we howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň arasynda ekstremizme garşy göreş alyp barmakda tagallalarynyň birleşdirilmegine bagyşlanypdy. Ikinji seminar Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde 2014-nji ýylyň iýul aýynda geçirildi. Bu seminarda terrorçylyga garşy göreşe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini çekmek meselelerine garaldy. Üçünji seminar 2015-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirildi we onda terrorçylyga garşy göreşmek ugrunda serhetleri goramak we dolandyrmak meselelerine seredildi. Dördünji seminar 2016-njy ýylyň mart aýynda gurnaldy we bu seminarda sebitiň ýurtlaryna radikalizme garşy göreşmekde ýardam bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.