2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Pekinde “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurtlary bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.
Bu dabaraly çäräni Hytaýyň daşary döwletler bilen dostluk halk jemgyýeti (HDDDHJ) we Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostluk jemgyýeti gurnadylar.
Dabara Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy maslahat geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň (HSMG ÄK) başlygynyň orunbasary Lo Fuhe, HDDDHJ-nyň başlygy Li Sýaolin, Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Li Hueýlaý dagylar we Pekinde işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, Hytaýyň jemgyýetçilik we döwlet edaralarynyň hünärmenleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
HSMG ÄK-niň başlygynyň orunbasary Lo Fuhe öz çykyşynda HHR-nyň Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen iň täze taryhy döwründe gatnaşyklary barada we ýigrimi bäş ýylda ýetilen sepgitler dogrusynda gürrüň etdi. Onuň aýtmagyna görä, Hytaýyň 25 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen umumy söwda dolanşygy 60 esse ösdi, ýagny 500 million dollardan 30 milliard dollara baryp ýetdi.
Dabaraly çärede Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Ilçileri özleriniň gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Olar öz ýurtlarynyň Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdiler we Hytaý bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýan etdiler.
Şeýle hem çärede Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan ýubileý bukjalarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.