2016-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl Döwletiniň wekiliýetine Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary j-p Swi Raw Ner ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar özara hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçmek bilen, yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ilerledilmegine itergi berýän möhüm gurallaryň biri bolup durýandygyny nygtadylar.
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeniýet çygyrlaryndaky gatnaşyklaryň, saglygy goraýyş, oba we suw hojalygyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seretdiler. Hökümetara toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipler edildi. Ysraýyl tarapy tejribeleri alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak arkaly bilim, ylym we tehnologiýalar pudaklarynda hyzmatdaşlygyny giňeltmeklige ygrarlydygyny beýan etdi. Taraplar iki ýurduň medeniýet günleriniň, türkmen we ysraýyl işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahatlarynyň geçirilmeginiň möhümligini belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar emele gelen gatnaşyklary dowam etmek üçin özara gyzyklanmalara laýyk gelýän önjeýli hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdürilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler.