10 oktýabr 2019
2850
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durup geçdiler. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Başga habarlar
18
Sep
Türkmenistanyň Prezidentine Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat
18
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
17
Sep
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri açyldy
17
Sep
Aşgabatda «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi
Ähli habarlary görmek