11 oktýabr 2019
2712
Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek meseleleri hakynda pikir alyşyldy. Ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle-de suw meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Başga habarlar
18
Sep
Türkmenistanyň Prezidentine Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat
18
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
17
Sep
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri açyldy
17
Sep
Aşgabatda «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi
Ähli habarlary görmek