2020-nji ýylyň 27–nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň altynjy mejlisi öz işine başlady.
Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işgärleri gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Teswirnamanyň taslamasyny hem-de taraplaryň tekliplerini ara alyp maslahatlaşarlar. Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen düzülen bu taslamanyň Türkmenistanyň hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmekde aýratyn ähmiýeti bar.
«Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi 29-njy ýanwara çenli öz işini dowam eder.