2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işleriň dowam etdirilmegi babatynda hem-de bu gurama bilen gatnaşyklaryň geljekde hem has çuňlaşdyrylmagy boýunça ileri tutulýan meseleleriň birnäçesine seredip geçdiler. Mundan ugur alyp, taraplar Toparyň 2019-njy ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatyny diňlediler we şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň BSG-ky synçy derejesiniň alynmagy boýunça dowam etdirilýän hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy boýunça meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde Bütindünýä söwda guramasynyň kadalaryna laýyklykda taýýarlanylmagy Türkmenistanyň söwda we ykdysady syýasaty boýunça syn bilen hem tanyşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky karary bilen Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň düzümi tassyklanyldy.