2017-nji ýylyň 21-nji fewralynda Moskwada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-Rus toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky birek-birege ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýaly strategiki häsiýetli ýörelgeler bilen alnyp barylýan, öňe ilerleýän we konstruktiw häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler.
Soňky döwürlerde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky senagat, energetika, transport, oba hojalyk we beýleki strategik taýdan wajyp hasaplanylýan ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyga uly badalga berlendigi barada hem duşuşykda nygtalyp geçildi.
Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn orun berildi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň alnyp barylşyna jikme-jik seljeriş berlip, bu hyzmatdaşlygyň geljekde hem uly potensiala we mümkinçiliklere eýe boljakdygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň regionlary bilen önümçilik kooperasiýasy hem-de işewürlik düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar boýunça alyp barýan gös-göni gatnaşyklaryň peýdalydygyny tassykladylar.
Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetleriniň arasynda 2017-2019 ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnama gol çekildi.