icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 aprel 2020

993

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory hanym Monik Elua bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.  

Türkmen tarapyndan duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň başlygy, Daşary işler ministriniň orunbasary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurdaky ylmy maglumatlary alyşmak, kanunçylyk binýadyny we weterinar gullugynyň gorlaryny kämilleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar 2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň hökümeti bilen Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň arasynda atlaryň kesellerinden azat zolagy döretmek we atçylygy ösdürmekde tehniki kömegi üpjün etmek babatdaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygyň maddalaryna seredip geçdiler. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň orny barada hem bellenip geçildi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi