icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 fewral 2017

2043

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

2017-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler toplumynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkiýäniň “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy tarapyndan gurnaldy.

Sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümlerinden 160 sany wekilinden hem-de 60 sany kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden düzülen wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Eksponentleriň aglaba bölegi hökmünde özleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we mümkinçiliklerini ilkinji gezek Türkmenistanda görkezýän öndüriji kompaniýalar bolup çykyş etdi.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, mejlisiň deputatlary,  biziň ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, işewürler hem-de köpçülikleýin habar briş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň açylşynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ibrahim Şenel Türkmenistan bilen alnyp barylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň berkidilmegi Türkiýäniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan  ugurlaryň biri bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu çäräniň geçirilmegi geljekde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, mundan beýläk hem dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berer.

Köpugurly sergide türk haryt öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümler - senagat pudaklary hem-de oba hojalygy üçin enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş enjamlary we elektronika, ýuwujy serişdeler, dürli kosmetika önümleri, hojalyk harytlary, köke-süýji önümleri görkezilýär.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi